
Milli teleýaýlym kompaniýasy (iňl. National Broadcasting Company, NBC) — täjirçilik maksatly amerikan telekompaniýasy we adybir telewizion torunyň eýesi. Telekompaniýa «Comcast» telekommunikasion korporasiýasynyň düzümindäki «NBCUniversal» mass-media kompaniýasynyň «NBC Entertainment» şahamçasynyň esasy bölümi hökmünde çykyş edýär. Ol şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň gadymy ýaýlym stansiýalarynyň biri hasaplanýar.
«NBC-niň» baş edarasy Nýu-Ýork şäherindäki «Komkast-bildingde» ýerleşýär. Mundan başga-da, «NBC-niň» ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherindäki «NBC Tower» binasynda hem ofisleri bar.
«NBC» 1926-njy ýylda «Radio Corporation of America» kompaniýasy tarapyndan esaslandyryldy. Ol ABŞ-nyň «uly üçlügi» diýlip atlandyrylýan iň meşhur üç telewizion torunyň («ABC» we «CBS» bilen bilelikde) iň köne agzasydyr. Telewizion tory, käwagt, «Peacock Network» («Tawus guşy tory») diýlip hem atlandyrylýar — bu reňkli telewideniýe boýunça öňdebaryjy işlerini öňe sürmek üçin, kompaniýanyň 1956-njy ýylda ulanyşa girizen tawus guşy şekilli nyşanyna salgylanmadyr.
«NBC-niň» öz eýeçiliginde on iki sany stansiýasy bar we ABŞ-nyň ähli telewizion bazarlarynda diýen ýaly hyzmatdaş stansiýalary bar. Bu stansiýalaryň käbirleri Kanadada, Karib deňzindäki ýurtlarda we Meksikada hem tölegli telewideniýe ýa-da serhetýaka sebitlerde göni ýaýlym arkaly elýeterlidir.
