factograf
TK

Drob

Drob

'{\displaystyle {\frac {a}{b}}}' görnüşli aňlatma drob diýilýär. Drob bütiniň, ýa-da adatça deň mukdardaky parçalaryň, belli bir parçalarynyň mukdaryny aňladýar.

Meselem {\displaystyle {\frac {1}{5}}} aňlatma 1 sanyň 5 bölege bölünip, 1 bölegiň alnandygyny aňladýar. Drob çyzyjak görnüşinde ýazylýar we çyzyjagyň ýokarsyndaky (a) sana sanawjy, aşagyndaky (b) sana bolsa maýdalawjy diýilýär. Maýdalawjydaky (b) san hiç haçan 0 (nola) deň däldir. Sanawjy 0 (nola) deň bolanda drob 0 (nola) deň bolýar.

Droby droba goşmak ýa-da drobdan aýyrmak üçin iki drobyň hem maýdalawjysysny bir görnüşe getirip sanawjylaryny goşýarys ýa-da aýyrýarys: {\displaystyle {\frac {a}{b}}}+{\displaystyle {\frac {c}{d}}}={\displaystyle {\frac {(a)*d}{bd}}}+{\displaystyle {\frac {(c)*b}{bd}}}={\displaystyle {\frac {(a)*d+(c)*b}{bd}}}.

{\displaystyle {\frac {1}{2}}} + {\displaystyle {\frac {1}{3}}} = {\displaystyle {\frac {3}{6}}} + {\displaystyle {\frac {2}{6}}} = {\displaystyle {\frac {5}{6}}}

{\displaystyle {\frac {1}{2}}} — {\displaystyle {\frac {1}{4}}} = {\displaystyle {\frac {2}{4}}} — {\displaystyle {\frac {1}{4}}} = {\displaystyle {\frac {1}{4}}}

Droby droba köpeltmek üçin birinji drobyň sanawjysyny ikinji drobyň sanawjysyna, birinji drobyň maýdalawjysyny ikinji drobyň maýdalawjysyna köpeldýäris: {\displaystyle {\frac {a}{b}}}*{\displaystyle {\frac {c}{d}}}={\displaystyle {\frac {a*c}{b*d}}}.

{\displaystyle {\frac {5}{8}}\cdot {\frac {2}{5}}={\frac {10}{40}}={\frac {1}{4}}.}

Droby droba bölmek üçin birinji drobyň sanawjysyny ikinji drobyň maýdalawjysyna. birinji drobyň maýdalawjysyny ikinji drobyň sanawjysyna köpeldýäris: {\displaystyle {\frac {a}{b}}}:{\displaystyle {\frac {c}{d}}}={\displaystyle {\frac {a}{b}}}*{\displaystyle {\frac {d}{c}}}={\displaystyle {\frac {a*d}{b*c}}}.

{\displaystyle {\frac {1}{2}}:{\frac {1}{3}}={\frac {1}{2}}\cdot {\frac {3}{1}}={\frac {3}{2}}.}

Drobyň iki görnüşi bar: dogry drob we nädogry drob. Eger sanawjy maýdalawjydan kiçi bolsa, onda bu droba dogry drob diýilýär:{\displaystyle {\frac {2}{3}}};{\displaystyle {\frac {3}{5}}}.

Egerde sanawjy maýdalawjydan uly bolsa, onda bu droba nädogry drob diýilýär:{\displaystyle {\frac {5}{2}}}; {\displaystyle {\frac {4}{3}}}; {\displaystyle {\frac {1}{2}}}.

Bitin sanly dogry droby nädogry droba geçirmek üçin bitin sany maýdalawja köpeldip, onuň üstüne sanawjyny goşup emele gelen jogaby sanawjynyň ýerine ýazýarys: a{\displaystyle {\frac {b}{c}}}={\displaystyle {\frac {a\cdot c+b}{c}}}. {\displaystyle 2{\frac {3}{7}}=2+{\frac {3}{7}}={\frac {14}{7}}+{\frac {3}{7}}={\frac {17}{7}}}.

Çeşme

  • "Дробь арифметическая". Математическая энциклопедия (в 5 томах). Vol. 2. М.: Советская Энциклопедия. 1982. p. 389—390.

Read next

In 106 languages

Text from Wikipedia, CC BY-SA 4.0 · Source article